
Sign up to save your podcasts
Or


Käbir zatlara pul sowanyňa ökünýäň, käbirlerine bolsa «Näme üçin muny öňräk almandyryn?» diýýäň :)
Bu bölümde beren pulumyza hakykatdanam degen zatlar barada gürleşdik. Kindle, AirPods, YouTube Premium, gowy ýassyk, awtoulag we başga-da gündelik durmuşymyzy ýeňilleşdirýän zatlar...
Gymmat zat hemişe gowy zatmy? Ýa-da käwagt iň ýönekeý zat iň peýdaly maýa goýummyka?
Gep diňe pulda däl, şol puluň ýerine näme alýandygyňda.
🎙️ 5’iň ikisi | 3-nji bölüm
Daşary ýurtda ýaşamak daşyndan nähili görünýär, içinden nähili?
Bu bölümde daşary ýurtda ýaşamagyň kän gürrüň berilmeýän taraplary barada gürleşdik. Täze ýere öwrenişmek, hemme zady täzeden gurmak, käwagt ýalňyzlyk çekmek we wagtyň geçmegi bilen iki durmuşyň arasynda galmak...
Daşary ýurt diňe täze mümkinçilikler we owadan suratlardan ybarat däl. Käbir zatlary diňe ýaşap göreniňden soň düşünýäň.
“Halaýan işiňi et, şonda ömrüňde bir günem işlemersiň” diýýärler. Bizem şol söze ynanmalymy ýa aýlyk hakyna seretmelimi diýip pikir etdik. :)
Bu bölümde hünär saýlamak, halaýan işiň bilen pul gazanmagyň arasyndaky tapawut, işden näme garaşýandygymyz we “dogry hünär” diýen zadyň hakykatdanam bardygy barada gürleşdik.
From the publisher's feed