
Sign up to save your podcasts
Or


Okyjylarymyzda iň kän reaksiýa döredýan meseläniň dowamy hökmünde "Joralar" proýektiniň gurnaýjylarynyň biri Aýnur bilen söhbetdeşligi size hödürleýäris. Aýnur öz proýektindäki iş tejribesinden salgylanyp aşakdaky soraglara jogap berdi:
Jynsy terbiýe barada podkastymyzyň öňdäki epizodyny şu salgydan diňlemegi maslahat berýäris.
Podkastymyzyň şu sanynda okyjylarymyzda iň kän reaksiýa döredýan meselä ünsümizi gönükdirmekçi – jemgyýetimizde ýaşlara berilýan jynsy terbiýe we bu baradaky garaýyşlar. Jynsy terbiýe gaty uly hemem çylşyrymly mowzuk. 10 ýylyň dowamynda şeýle ýagdaýy synlaýarys. “Jynsy terbiýe” ýa “seksual bilim” diýlende, garaz içinde “seks” ýa “jyns” sözi bar bolan islendik söz düzümini eşiden okyjylaryň arasynda gönümel “jynsy gatnaşyklar” ýa-da “utançly, aýyp temalar” diýip düşünýänleri bar. Ýa-da “seksual saglyk”, “biliňden aşakda” bolup geçýän ýagdaýlar adamyň saglygynyň bölegi däl diýen düşünje bar. Döwrebap ylmyna görä şeýle garaýyşlar nädogry bolup ýaşlaryň saglygyna we gelejegine göniden göni ýaramaz täsir edýär. Onda, “jynsy terbiýe” nämekä? Bu çyndanam diňe jynsy gatnaşyklar barada öwredýän bilimmikä? Ýok, asla, beýle däl! Jynsy terbiýe – bu adam seksuallygy barada hemmetaraplaýyn bilimdir. Jynsy terbiýe diňe anatomiýa we kontrasepsiýa degişli maglumatlar bilen çäklenmeýär. Bitewi jynsy terbiýä adamlaryň arasyndaky sagdyn gatnaşyklar, kyn ýagdaýlardan dogry baş alyp çykmak ýaly ukyplar hem degişlidir. Ýaşlara bitewi jynsy terbiýe gerekmi? Alyp barýan: Aýnabat (Saglygyň redaktory www.saglyk.org) Ýazan we döreden: Kemal K (instagram/twitter: @pikirhana)
"Erbet kesel bolsa almak bilen bolýar. Alaç ýok". Mümkin biziň köpümiz şeýle sözleri tanyşlarymyzdan, garyndaşlarymyzdan eşidendiris. Gürrüň süýt mäziniň rak keseli ýa-da göwüs ragy barada barýar. Şu gün biz bu sözleriň aňyrsynda ýatan gorky, habarsyzlyk, ynamsyzlyk barada söz açmakçy.
Myhman: Aynur
Alyp barýan: Aýnabat (Saglygyň redaktory. www.saglyk.org)
Ýazan we döreden: Pikirhana Media
21-nji fewral Halkara Ene Dili Güni. 10 ýyl bäri Saglyk türkmen dilinde maglumatlardyr materiallary döredip gelýär. Biz syn edýäs welin, psihologiýa, psihiki saglyk, adamyň seksual we reproduktiw (ýagny köpeliş ýa önelgelik) saglygyna gezek gelende, ýaş adamlar dil ugrundan kynçylyk çekýärler. Şeýle-de bolsa, DIL diýlen zat diňe saglyk dilini öz içine almaýar. Adam dil bilen dünýä akyl ýetirýär, özüni we başgalary tanaýar, hem-de geçmişini öwrenýär, geljegini gurýar. Adamzadyň ösmegi we özgermegi bilen, dil hem özgerýär. Türkmenleriň arasynda köp temalar barada pikir alyşylmaýar ýa-da başga dillerde alyşylýar. Bu ýagdaý biziň dilimiz barada näme habar berýär? Biz hem ene dilimizi ulanmaga, goramaga we ösdürmäge tijenýäsmi?
Myhman: Azat (Instagram: https://www.instagram.com/Azadik/ ; Twitter: https://twitter.com/Azadik)
Alyp barýan: Aýnabat (Saglygyň redaktory. www.saglyk.org)
Ýazan we döreden: Pikirhana Media
Agyr gelen 2020-nji ýyly hem tamamlap barýarys. Bu ýyl şahsyýet we jemgyýet saglygynyň gymmatynyň synalan ýyly boldy. Netijede, ählimize gorky, näbellilik we alaçsyzlyk ýaly duýgular az ýanaşmady. Käbirlerimiz ýakyn adamlarymyzy ýitirdik (goý, olar hiç haçan unudylmasyn, yzlary ýarasyn). Bu ýylda bolup geçen ähli kynçylyklara garamazdan, başyň dik, janyň sagdyr diýip umyt edýäris. Pursatdan peýdalanyp, seni ýetip gelýän täze ýylyň bilen gutlaýarys. Goý, durmuşyňda hakykat, ylma ynam, we raýdaşlyk artsyn!
25-nji noýabra- Aýal-gyzlara garşy zorluklary ýok etmegiň Halkara günine gabatlap geçirilen gürrüňdeşligi hödürleýäris. Gepleşigimiziň dowamynda birnäçe soraga bile jogap gözläris. Öýdäki zorluk näme? Türkmenistanda öýdäki zorluk meselesi barmy ýa ýok? Öýdäki zorluk barada nähili sanlar ilata elýeter? Kanun näme diýýär? Jemgyýet näme pikir edýär we gozgalan meseleleriň nähili anyk çözgütleri bar?
Gepleşigimiziň dowamynda birnäçe soraga bile jogap gözläris. Öýdäki zorluk näme? Türkmenistanda öýdäki zorluk meselesi barmy ýa ýok? Öýdäki zorluk barada nähili sanlar ilata elýeter? Kanun näme diýýär? Jemgyýet näme pikir edýär we gozgalan meseleleriň nähili anyk çözgütleri bar?
From the publisher's feed