
Sign up to save your podcasts
Or


Halkara hukugy boýunça hünärmen myhmanymyzyň çagalygy Owganystanda başlaýar. Türkmenistanda Merjen dänelerine gatnaşýar.
Žurnalistika, hukuk, mediasiýa, halkara hukuk ugurlarynda iş tejribesini edinip, düýbi Şweýsariýada ýerleşýän GRATA Interneşnl halkara hukuk firmasynyň partnýory bolýar.
Diýseň gyzykly şahsyýete eýe bolan Ikbal aga bilen bolan gürrüňdeşligimizi size ýetirýäris
___________________________________
Gysgaça podkastynyň öý sahypasy
Podkastlarymyz uzyn aradan soň täze sezony bilen dowam edýär. Bu sezonda birinji myhmanymyz Ahmet Hezretow. Ol fotosuratçylyk we wideografiýa pudagynda işleýär. Onuň kämillik ugrundaky zähmeti köplere görelde boljagyna ynanýarys. Gyzykly kişiligi bolan Ahmedi sizler bilen tanyşdyrmak isledik.
Bir döwlet diňe paýhasly, etjegini bilýän, päkýürekli hünärmenleriň hasabyna ösýär. Bu podkastymyzda köpleriň halypasy Temirow Ata Çaryýewiç bize okatmagyň usullary, salgyt ulgamy, bilimiň gymmaty barada öz gözýetimlerini aýdyp berdi. Halypanyň beren gürrüňleri babatynda teswirleriňizi biz bilen paýlaşmagy unutmaň.
Käbir adamlara başgalaryň çöregini gazanmaga sebäp bolmak bagty miýesser edýär. Bir önümçiligiň, söwdanyň, hyzmat berýän kärhananyň başynda bolup, ol ýeri dogry dolandyrmak, şol bir wagtda şahsy durmuşymyzy sazlaşykly alyp barmak aňsat iş däl... .
Özüniň ýaşlygyna garamazdan biznes dünýäsinde uly tejribeler edinen Säher Aşyrow biziň bu bölümimiziň myhmany. Ol birnäçe halkara kärhanalaryň ýolbaşçy düzüminde işläp, ýurdumyzyň biznes eýelerine marketing we menejment boýunça konsultasiýalary bilen kömek edýän adam. Säher Aşyrowyň biznes gözýetimi siziň göwnüňizden turar diýip umyt edýäris.
Döredijilik hemme adamlarda elýeterli görnüşde berlen bir zat bolup dursada köp adamlar yzygiderli ussatlygyny ösdürmekde kynçylyk çekýär. Biziň hem gysgaça topary bolup multiplikasiýasynyň düýbüni tutujy Möjek Çaryýewi häsiýetlendirilýän ussatlygyň, nähili gylykda, nirden gelip häzirki ussatlyga eýe bolandygyny bilesimiz geldi.
Möjek Çaryýew, suratkeş-karikaturaçy, “Bowenjik”, “Garyplar we açgözler”, “Uçýan haly” ýaly multfilmleriň döredijisi. Podkastymyzda Möjek aga öz durmuşy, käri barada gürrüň we yzarlaýjylarymyzdan gelen soraglara jogap berdi.
Durmuşa dürli nokatlardan garamak her kime başartmaýar. Muny başaranlar bolsa adamzadyň beýgelmegine az-köp goşant goşýarlar. Sizem beýgelişe goşant goşmak isleseňiz, özgermegiň ýolunda biz bilen boluň.
Bu sandaky podkastymyzyň myhmany Ýaran Allamyradow. Ýarany biz Galamkeş ady bilen sosial media platformalaryndan tanaýarys. Pelsepe barada, Ezizowyň döredijiligi barada gyzykly gürrüňleri bilen Ýaranyň aýdanlary köpleri oýlandyrjaga meňzeýär.
Maşgala mukaddesdir. Ony guranymyzda-da, ýykanymyzda-da howlukmaly däl. Bagtly bolmak isleýän bolsak, her ädimimizi pikirlenip ätmeli... .
Bu gezeki myhmanlarymyz Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň halypa mugallymlary Akbäbek Esenowa we Jeren Nepesowa. Mugallymlarymyzyň maşgala psihologiýasy barada aýdan gyzykly gürrüňleri, sapaklary hemmeleriň göwnünden turar diýip umyt edýäris. Podkastyň ahyrynda biziň bilen pikirleriňizi paýlaşmagy unutmaň.
2-nji sesonymyzy çagalar üçin kitap ýazan myhman bilen açýarys. Gunça Annaýewa mugallym we çagalar ýazyjysy. Bu bölümde, döredijilik hakda, halaýan zatlaryňyzy etmek we geljekki ýazyjylar üçin käbir maslahatlar hakda gürleşýäris.
Gysgaça podkastynyň birinji ýylyny hem tamamladyk we toparymyz bilen birinji sezonyň jemini jemlemek üçin birnäçe pikirleri paýlaşmagy isledik.
Şunuň bilen birlikde Gysgacha topary sizi täze ýylyňyz bilen gutlaýar we düşümli ýyl arzuw etýär.
Goşgynyň çeşmesi: Ylham Çeşmesi Youtube kanaly
📱 BIziň sosial medialarymyz:
Durmuşda aňsat ýetilýän menzil ýok, eger ol halal bolsa. Her zat üçin der dökmeli. Menzile barýan ýolda adamlar bizi görmeýär, çekilen kynçylyklary bilmeýär. Isleýän ýerimize baranymyzda bolsa birden hemme kişiniň ünsüni çekýän adam bolýas.
Bu günki podkastymyza buýsanjymyz, çempionlarymyz Gülbadam Babamyradowa, Ylýas Möminow we Ruşana Nurjawowa gatnaşdy. Gülbadam bilen Ylýas maşgala gurdy. Ruşana bilen Gülbadam bolsa köp ýyllyk ýakyn dost. Sport ýyldyzlarynyň geçen ýoluny olaryň öz agzyndan diňläliň.
From the publisher's feed