Sign up to save your podcastsEmail addressPasswordRegisterOrContinue with GoogleAlready have an account? Log in here.
Bu gepleşikde Türkmenistan we dünýä baradaky syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikleri, synlary, söhbetdeşlikleri diňläp bilersiňiz. Gepleşik hepdäniň bäş gününde, duşenbe-anna günleri aralygynda efi... more
FAQs about Habarlar gündeligi:How many episodes does Habarlar gündeligi have?The podcast currently has 352 episodes available.
May 12, 2025HG: Lebap we Ahal welaýatlarynda soňky bir aýda ýiten çagalar barada 'birnäçe hadysa hasaba alyndy'Şu günki programmamyzda: Raýatlary harby gulluga çagyryş düzgünleri berkleşýär, ýaramsyzlyk kepilnamalary 'ünsden düşürilýär'; Balkanda türkmen ununyň gytçylygy dowam edýär; bişmedik bugdaýyň oragy başlandy we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz....more25minPlay
May 09, 2025HG: Türkmenistanda Ýeňiş güni bellenýär, prezident Moskwada harby parada gatnaşýarŞu günki programmamyzda: Harby bölümlerdäki iýmit üpjünçiligi bilen bagly meseleler 'alada döredýär' - çeşmeler; Daşoguzda suw ýetmezçiligi ýitileşýär, 'hatardan çykýan' ýer köpelýär - hünärmen we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz....more25minPlay
May 08, 2025HG: Ýeňiş gününi belleýän Türkmenistanda Sowet mirasyna garşy wagyz-nesihat işleri ýaýbaňlanýarŞu günki programmamyzda: Türkmen pileçileri el kömegine mätäç bolup, 'okuwçylara ýüz tutdy'; Aşgabat-Moskwa uçar gatnawynyň dikeldilmegi 'bilet parahorlugyny güýçlendirýär' we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz....more25minPlay
May 07, 2025HG: Türkiýede tussag edilen iki türkmen aktiwisti aýrybaşga deportasiýa merkezlerine geçirildiŞu günki programmamyzda: Pagtaçylykdaky mejbury zähmet maýda, 'ýekeleme döwründen ulanylyp başlandy'; Balkanabat, Türkmenbaşy şäherlerinde elektrik energiýasynyň üpjünçiligi ýygy-ýygydan bökdelýär we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz....more25minPlay
May 06, 2025HG: Berdimuhamedowyň Pariž sapary Türkmenistanyň täze daşary syýasat meýillerine gabat gelýär – PannierŞu günki programmamyzda: Öýlere baýdak asmaklyk talap edilýär, iri sosial hasaplar 'baýdak wideolary bilen çaýkalýar'; “Türkmen režimi ‘ideal we baky diktaturanyň’ möhüm şertlerini bozýar” – synçy we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz....more25minPlay
May 05, 2025HG: MHM hökümet tankytçylarynyň “ýurda getirilip jezalandyryljakdygyny” aýdýarŞu günki programmamyzda: Berk çäklendirmeler, mejbury çäreler prezidentiň Balkana amala aşyran iş saparyna kölege saldy; Jynsy azlyklaryň wekilleri ýurtda özlerine ýowuz daraşylýandygyny aýdýar, Hajyýew 'beýle däl' diýýär we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz....more25minPlay
May 02, 2025HG: “Hoçu Žit” proýekti Ukrainadaky uruşda Russiýanyň tarapynda söweşýän Türkmenistanyň 170 raýatyny anykladyŞu günki programmamyzda: Häkimiýetler 'diňe ygtybarly adamlary' haj zyýaratyna ibermäge taýýarlyk görýär; Ukraina urşy 'bu golaýda gutarmaz': Wans, Rubio Russiýa bilen tiz wagtda parahatçylyk ylalaşygynyň baglaşyljagyna şübhe bildirdi we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz....more25minPlay
May 01, 2025HG: Türkiýede aktiwistler Sahatowa we Orusowa deportasiýa karary çykdy, muňa resmi şikaýat edildiŞu günki programmamyzda: Häkimiýetler 'öz kölegelerinden özleri gorkup' Internet elýeterliligini barha çäklendirýär – raýatlar; Ukraina, ABŞ Dikeldiş maýa goýum gaznasyny döredýän şertnama gol çekdi we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz....more25minPlay
April 30, 2025HG: Nika baglaşmak isleýän raýatlar lukmançylyk barlagyndan geçirilip başlandy – çeşmelerŞu günki programmamyzda: Tejende mekdep okuwcylary sapaga derek reklama diňlemäge mejbur edildi; Türkmenabatda elden walýutany alyp satýanlara garşy reýd geçirilýär we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz....more25minPlay
April 29, 2025HG: Hajyýew merhum žurnalisti 'arakhorlykda', zorlugyň pidasy bolan zenany 'janyndan geçmekde' aýypladyŞu günki programmamyzda: Türkiýede türkmen aktiwistlerine deportasiýa howpy abanýar, olar açlyk yglan etdi; Zelenski: Putiniň Ýeňiş güni üçin hödürlän ýaraşygy diňe ‘onuň paradynyň hatyrasyna dymyşlyk döreder’ we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz....more25minPlay
FAQs about Habarlar gündeligi:How many episodes does Habarlar gündeligi have?The podcast currently has 352 episodes available.