"Девять евангельских песен"-Туркмен.mp3 /// Direliş baradaky Hoş Habar
1 Indi bolsa, eý, doganlar, size wagyz eden Hoş Habarymy ýatladyp geçmekçi. Siz ony kabul edip, onda berk dursuňyz.2 Size wagyz eden Hoş Habarymy gaýym tutsaňyz, ol arkaly halas bolarsyňyz. Tutmasaňyz, biderek ýere iman etdigiňiz bolar.3 Çünki men kabul edenimi örän wajyp habar hökmünde size-de gowşurdym. Bu habar, ine, şundan ybarat: Mukaddes Ýazgylara görä, Mesih biziň günälerimiz üçin öldi.4 Ol jaýlanyp, Mukaddes Ýazgylara görä hem üçülenji gün diýlende direldi.5 Onsoň Isa Mesih Petrusa, soň Onkilere göründi.6 Mundan soň Ol şol bir wagtyň özünde bäş ýüzden-de gowrak dogana göründi. Bu doganlaryň käbiri eýýäm aradan çykdy, ýöne aglaba bölegi häzir hem diri.7 Soňra Ol Ýakuba göründi, soň resullaryň ählisine göründi.8 Iň soňunda bolsa maňa, ýagny şeýle derejä asla mynasyp bolmadyga göründi.9 Çünki men resullaryň arasynda iň kiçisidirin. Men hatda resul adyny almaga-da mynasyp däl, sebäbi Hudaýyň ýygnagyna azar beripdim.10 Emma men nähili bolsam-da, diňe Hudaýyň merhemeti arkaly şeýle boldum. Onuň maňa eden merhemeti puja çykmady: men hemmelerden-de köp zähmet çekdim. Aslynda muny men däl-de, maňa ýar bolan Hudaýyň merhemeti etdi.11 Şunlukda, isle men bolaýyn, isle-de beýleki resullar bolsun — tapawudy ýok: biz bu Hoş Habary wagyz edýäris, siz-de oňa ynandyňyz.