Programmamyzyň nobatdaky sany dünýädäki emeli intellekt ‘aljyraňňylygyna’ hem-de bir emeli aň tilsiminiň bazasynda Türkmenistandaky syýasat we jemgyýet barasynda bar bolan käbir maglumatlaryň öwüşginlerine syn edýär.
Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň öňüsyrasynda, onuň türkmen dünýäsindäki sarpasy barasyndaky söhbetdeşlige gönükdirilýär.
Täze okuw ýylynyň bosagasynda, Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany Türkmenistanyň bilim syýasatynyň meselelerine gönükdirilýär, şeýle-de, türkmen diaspora wekilleriniň bilim mümkinçiliklerine ser aýlaýar.
Dünýä Türkmenleriniň şu sany Türkmenistanyň media giňişligindäki meýilleri öwrenmäge, meseleleri anyklamaga we çykalgalar boýunça pikir ýöretmäge çalyşýar.
Türkmenistanda çagalaryň hukuklary we olaryň tomusky dynç alyş möwsümi barasyndaky aktual habarlaryň fonunda, Dünýä Türkmenleriniň şu sany türkmen maşgalasynda çaga terbiýesine, çagalar bilen bagly däp-dessurlara we toýlara gönükdirilýär.
Dünýä Türkmenleriniň şu sany amerikan alymy, taryhçy we ýazyjy Wiktoria Klement bilen türkmen dili, türkmençilik we Türkmenistanyň dil syýasaty barada elektron hat arkaly geçirilen söhbetdeşligi hödürleýär.
15 min
About Salam, Dogan!
From the publisher's feed
Bu gepleşikde aýal-gyzlaryň duş gelýän syýasy-ykdysady, sosial-medeni kynçylyklary baradaky täzelikleri, synlary, söhbetdeşlikleri diňläp bilersiňiz. Gepleşik aýda iki gezek efire berilýär.