Adam atlary boýunça Türkmenistandan gelip gowuşýan soňky täzelikleriň fonunda, Dünýä Türkmenleri programmamyzyň nobatdaky sany türkmen adam atlarynyň aýratynlyklaryna, etniki azlyklaryň medeni hukuklaryna gönükdirilýär.
Dünýä Türkmenleri programmamyzyň nobatdaky sany Merkezi Aziýa sebitinde, şol sanda Türkmenistanda aýal-gyzlaryň syýasatdaky ornuna nazar aýalmaga çalyşýar.
Şu ýyl Türkmenistanda meşhur türkmen bagşysy Sahy Jepbarowyň doglan gününiň 120 ýyllygy bellenýär. Dünýä Türkmenleri programmamyzyň nobatdaky sany türkmenleriň arasynda "özboluşly sungat mekdebine öwrülen" ussat bagşynyň ýubileý toýuna bagyşlanýar.
Programmamyzyň nobatdaky sanynda türkmen diliniň käbir häzirki zaman meseleleri, şol sanda dildäki alynma sözleriň millileşdirilmegi ýaly temalar boýunça türkmen dilçisi we ýazyjy Hudaýberdi Hally bilen geçiren söhbetdeşligimiziň ikinji bölegini diňleýjilerimiziň dykgatyna ýetirýäris.
Programmamyzyň nobatdaky sany türkmenleriň düşünje dünýäsinde, pikir örüsinde we syýasy gözýetiminde döwletlilik we territorial bitewilik ýörelgeleriniň tutýan ornuna nazar aýlaýar.
Bu gepleşikde aýal-gyzlaryň duş gelýän syýasy-ykdysady, sosial-medeni kynçylyklary baradaky täzelikleri, synlary, söhbetdeşlikleri diňläp bilersiňiz. Gepleşik aýda iki gezek efire berilýär.