Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany Owganystanda “Talyban” astynda ýaşaýan etniki türkmenleriň täze döwürdäki durmuş aladalaryna we türkmen diasporalarynyň sesiniň sem edilmegine gönükdirilýär.
ABŞ-da ýaşaýan owganystanly türkmen žurnalisti Şamerdanguly Myrady özüniň täze ýurdundaky durmuş tejribeleri barada Dünýä Türkmenleri programmasyna gürrüň berdi.
Türkmenistanyň hökümeti raýatlaryň söz-beýan azatlygyny we maglumat azatlygyny berk çäklendirmekde ýyllarboýy tankyt edilýär. Ýöne ýurduň çäginde berk petik astynda galýan sosial ulgamlardaky soňky “açyk pikir alyşmalar” ýerli synçylarda “umyt uçgunlaryny” döredýär.
Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany türkmen resmileriniň ÝB paýtagtlaryna amala aşyran saparlaryna we Hazarüsti gaz geçiriji taslamasynyň mümkinçiliklerine ser aýlaýar.
Dünýä Türkmenleriniň bu sanynda AÝ/AR-yň Merkezi Aziýa meseleleri boýunça bilermeni Brýus Panniýer suw hojalygy pudagyndaky türkmen-owgan geňeşmelerine syn berýär.
Dünýä Türkmenleri programmamyzyň geçen sanlary Türkmenistanda rus diliniň häzirki ýagdaýyna gönükdirildi. Biz bu tema boýunça taýýarlanan gepleşikler tapgyryny türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally bilen geçirilen söhbetdeşlik bilen jemleýäris.
Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany rus diliniň Türkmenistandaky ýagdaýy barasyndaky gürrüňi dowam edýär. Bu tema boýunça taýýarlanan gepleşikler tapgyrynyň 1-nji we 2-nji bölümlerini Azatlyk Radiosynyň web sahypasynda diňläp, ýa-da okap bilersiňiz.