Sign up to save your podcastsEmail addressPasswordRegisterOrContinue with GoogleAlready have an account? Log in here.
Azat Ýewropa Radiosy / Azatlyk Radiosy Merkezi we Gündogar Ýewropa, Kawkaz,Merkezi Aziýa,Orsyýet, Orta Gündogar hem Balkan ýurtlara gulluk edýän halkara täzelikler we efire berýän gurama.... more
FAQs about Türkmenistan:How many episodes does Türkmenistan have?The podcast currently has 1,215 episodes available.
October 03, 2025Aşgabadyň aeroportunda ýolagçylaryň ýany bilen getirýän dermanlarynyň elinden alynmagy ýygjamlaşýarAşgabadyň halkara aeroportunda daşary ýurtlardan Türkmenistana dolanýan raýatlaryň ýany bilen getirýän dermanlarynyň elinden alynmagy bilen bagly wakalar göz-görtele köpeldi. Bu ýagdaýlar barada ýakynda Türkiýeden we Polşadan ýurda dolanan türkmen raýatlarynyň ençemesi gürrüň berdi....more5minPlay
October 03, 2025Diňle: Aşgabatda Garaşsyzlygyň öňüsyrasynda döredilen “azyk bolçulygy we arzançylygy” aradan aýryldyAşgabat şäherinde Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda döredilen emeli azyk bolçulygy we arzançylygy baýramçylykdan sanlyja gün soň aradan aýryldy we harytlaryň bahalary gaýtadan ýokarlandy. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 2-nji oktýabrda paýtagtdan maglumat berdi....more4minPlay
October 02, 2025HG: ABŞ Türkmenistany mejbury zähmeti höweslendirýänleriň sanawyndan aýyrdyŞu günki programmamyzda: Garyplyk, gan azlygy hassalary zerur bolan bejergiden kesýär - çeşmeler; Türkmenabatda sanjym kampaniýasy başlandy, ýaşaýjylar isleg bildirmeýär we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz....more25minPlay
October 02, 2025Diňle: Türkmenabatda sanjym kampaniýasy başlandy, ýaşaýjylar isleg bildirmeýär...more4minPlay
October 02, 2025Diňle: Balkanyň häkimiýetleri manadyň galp kupýuralary “köpelýärkä”, walýuta söwdagärlerini we telekeçileri berk derňeýärBalkan welaýatynyň häkimiýetleri walýuta söwdagärlerini we daşary ýurtlardan ýük getirýän telekeçileri güýçli depginde derňäp, soraga çekýärler. Olar bu çäreleriniň sebäbini sebitde türkmen manadynyň galp kupýuralarynyň göz-görtele köpelendigi bilen düşündirýärler....more6minPlay
October 01, 2025Diňle: Türkmen häkimiýetleri öňki žurnaliste ýurtdan çykmaga rugsat bermeýär...more8minPlay
October 01, 2025HG: Türkmen häkimiýetleri öňki žurnaliste ýurtdan çykmaga rugsat bermeýärŞu günki programmamyzda: Gelinler ogly bolýança çaga dogurmaga mejbur edilýär - çeşmeler; Çehiýada geçiriljek saýlawlar ýurdy Ýewropa tarapdar ýolundan daşlaşdyryp, onuň Ukraina goldawyna täsir edip biler we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz....more25minPlay
October 01, 2025Diňle: Daşoguza Aşgabatdan döwlet emeldarlary geldi, sebitde arassaçylyk işleri geçirildi we azyk bolçulygy döredildiDaşoguz welaýatyna Aşgabat şäherinden döwlet emeldarlarynyň gatnaşmagyndaky barlagçy topary geldi. Edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary döwlet emeldarlarynyň iş saparynyň öňüsyrasynda mejbury arassaçylyk işlerini geçirdiler we azyk bolçulygyny döretdiler....more5minPlay
FAQs about Türkmenistan:How many episodes does Türkmenistan have?The podcast currently has 1,215 episodes available.