Sign up to save your podcastsEmail addressPasswordRegisterOrContinue with GoogleAlready have an account? Log in here.
Azat Ýewropa Radiosy / Azatlyk Radiosy Merkezi we Gündogar Ýewropa, Kawkaz,Merkezi Aziýa,Orsyýet, Orta Gündogar hem Balkan ýurtlara gulluk edýän halkara täzelikler we efire berýän gurama.... more
FAQs about Türkmenistan:How many episodes does Türkmenistan have?The podcast currently has 1,215 episodes available.
April 22, 2025HG: Polşadaky türkmen migrantlary iş saparlarynda aldawyň pidasy bolýarŞu günki programmamyzda: Elektron wizalar, Türkiýede durmuş guran aýallara ýurtdan çykmaga rugsat berilmegi oňyn ädim – synçy; Düzediş işlerine çekilýän adamlar Marynyň şeker zawodynda işledilýär, önümhanadan ýakymsyz ys gelýär we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz....more25minPlay
April 22, 2025Diňle: Elektron wizalar, Türkiýede durmuş guran aýallara ýurtdan çykmaga rugsat berilmegi oňyn ädim – synçyBu sepgitler entek deňizdäki damjadyr, ýöne şeýle özgerişler jemgyýetdäki açyk pikir alyşmalaryň netijesidir diýip, ýerli synçy Türkmenistanda daşary ýurtlular üçin elektron wiza düzgüniniň girizilmegini we golaýda ýollary baglanan türkmen zenanlarynyň Türkiýä gitmegine rugsat berilmegini seljerdi....more5minPlay
April 22, 2025Diňle: Düzediş işlerine çekilýän adamlar Marynyň şeker zawodynda işledilýär, önümhanadan ýakymsyz ys gelýärIşçi ýetmezçiliginiň arasynda, zähmet-düzediş işlerine höküm edilen adamlar Mary şäherinde ýerleşýän şeker zawodynda işe çekilýär, bu ýerde alkogola baglylykdan bejergä mätäçlik çekýän adamlar hem bar diýip, zawodyň önümçilik işlerinden habarly çeşme Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi....more5minPlay
April 22, 2025Diňle: Polşadaky türkmen migrantlary iş saparlarynda aldawyň pidasy bolýar...more5minPlay
April 21, 2025HG: Sebitleriň saglyk edaralary uly Berdimuhamedowyň gyzynyň saparyna taýýarlanýarŞu günki programmamyzda: Sil suwlary ýollara, jaýlara zelel ýetirýär, ýöne öri meýdanlar ganýar, mallar ine-gana otlaýar; Awtobus, demirýol transportyndaky bökdençlik, ýol-ulag hadysalary ilaty alada goýýar we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz....more25minPlay
April 21, 2025Diňle: Sil suwlary ýollara, jaýlara zelel ýetirýär, ýöne öri meýdanlar ganýar, mallar ine-gana otlaýarÝaz paslynyň gelmegi bilen, Türkmenistanyň dürli künjeklerinde ýygy-ýygydan gaýtalanyp başlan çygly howa ilatyň gündelik durmuşyna, infrastrukturalara zyýan ýetirýär. Beýleki tarapdan, boşap galan suw howdanlary dolýar, öri meýdanlarynyň ýagdaýy gowulanýar we maldarçylyk hojalyklary bähbit görýär....more4minPlay
April 21, 2025Diňle: Sebitleriň saglyk edaralary uly Berdimuhamedowyň gyzynyň saparyna taýýarlanýar“Öňler sebitlerde Gurbanguly Berdimuhamedowyň, ýa-da ogly Serdar Berdimuhamedowyň saparlaryna taýýarlyk görülýärdi, indi uly Berdimuhamedowyň gyzy [Oguljahan Atabaýewanyň] saparyna-da taýýarlyk görlüp başlandy” diýip, Balkan welaýatynyň saglyk pudagyndaky bir çeşme aýdýar....more5minPlay
April 21, 2025Diňle: Awtobus, demirýol transportyndaky bökdençlik, ýol-ulag hadysalary ilaty alada goýýar...more7minPlay
April 20, 2025DT: Etniki azlyklaryň öz milli atlaryna 'girizilýän gadaganlyk' medeni hukuklaryň çäklendirilmegi bolýarAdam atlary boýunça Türkmenistandan gelip gowuşýan soňky täzelikleriň fonunda, Dünýä Türkmenleri programmamyzyň nobatdaky sany türkmen adam atlarynyň aýratynlyklaryna, etniki azlyklaryň medeni hukuklaryna gönükdirilýär....more15minPlay
April 18, 2025HG: Balkanda pasport üçin nobat indiki ýyla geçdi, 'žeton' düzgüni girizildiŞu günki programmamyzda: Ahalda tüweleý maddy zyýan ýetirdi, ýaşaýjylaryň häkimiýetden soran kömegi ret edildi; Rubio Ukraina bilen gepleşiklerde sabyrsyzlyk görkezýär, “indi öňe gitmäge taýýar” diýýär we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz....more25minPlay
FAQs about Türkmenistan:How many episodes does Türkmenistan have?The podcast currently has 1,215 episodes available.