Programmamyzyň bu sanynda ýüzlerçe müň raýaty daşary ýurtlarda kyn durmuş şertlerine döz gelmäge mejbur galýan ýurduň döwlet baştutanynyň “Müsürde şa bolandan, öz iliňde geda bol” diýen sözlerine syn etmäge synanyşýar.
Dünýä Türkmenleriniň bu sanynda etniki türkmenleriň Owganystanyň täze şertlerindäki orny hem-de “Talybanyň” legitimlik gözlegleri barada gürrüň gozgalýar.
Dünýä Türkmenleriniň bu sany Türkmenistanda aktiwistiň tussag edilmeginiň töweregindäki soraglara we raýat jemgyýetiniň umumy ýagdaýy baradaky söhbetdeşlige gönükdirilýär.
Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sanynda blogçy Farhad Durdyýew dynç güni özüniň türkmen wekilhanasynda duçar bolan wakalary barada jikme-jik gürrüň berýär.
Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sany eýranly türkmen žurnalistiniň we syýasy analitiginiň eýran häkimiýetleri tarapyndan tussag edilmegine we bu tussag etmäniň töweregindäki soraglara gönükdirilýär.
Dünýä Türkmenleriniň bu sany Aşgabat häkimiýetleriniň gurluşyk 'höwesine', hususan-da äpet binalary gurmak 'höwesine' gönükdirilýär.
15 min
About Salam, Dogan!
From the publisher's feed
Bu gepleşikde aýal-gyzlaryň duş gelýän syýasy-ykdysady, sosial-medeni kynçylyklary baradaky täzelikleri, synlary, söhbetdeşlikleri diňläp bilersiňiz. Gepleşik aýda iki gezek efire berilýär.