Dünýä Türkmenleriniň bu sany owgan türkmenleriniň parahatçylyk hyjuwlaryna, eýran türkmenleriniň geçiren protestleriniň netijelerine we Demirgazyk Owganystanda alnyp gaçylan ýaş çaganyň soňky ykbaly baradaky maglumatlara gönükdirilýär.
23-nji martda Demirgazyk Eýranda etniki türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan Kümmet Howuz şäherinde ýerli ýaşaýjylar 7 we 8 ýaşlaryndaky iki gyz çaga jynsy zorluk etmekde aýyplanýan 55 ýaşly bir adamyň jezalandyrylmaýandygyna gahar-gazap bildirip protest geçirdi.
Dünýä Türkmenleri Türkmenistanyň çagalar baglarynda türk multfilmleriniň gadaganlyga alynmagynyň hem-de Özbegistanda türk teleseriallarynyň ekrandan aýrylmagynyň fonunda Merkezi Aziýa sebitinde türk täsiriniň mümkinçiliklerine nazar aýlaýar.
Dünýä Türkmenleriniň bu sany "sowet aç-açanlygynyň" medeni ugurlarda Türkmenistanda amal edilişine syn edýär we onuň netijeleriniň garaşsyzlykdan soňky ykbalyna nazar aýlaýar. Gepleşigimize Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hallyny çagyrdyk.
Dünýä Türkmenleriniň bu sany pajygaly wakanyň töweregindäki jogapsyz soraglara aralaşmaga synanyşýar we türkmen sportynyň häzirki ýagdaýyndan söz açýar.
Dünýä Türkmenleriniň bu sany aňlarda galan we ýüreklere ornan üstünlikli türkmen döredijilik işlerinden söz açýar. Gepleşigimize ýazyjy Hudaýberdi Hally gatnaşýar.
Dünýä Türkmenleriniň bu sany Demirgazyk Owganystanda çadyrlarda ýaşaýan içerki bosgunlaryň ýyladyş, saglyk we iýmit üpjünçiligi bilen bagly problemalaryna gönükdirilýär.
Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sany Türkmenistanda Internetiň tizliginiň töweregindäki aladalar, ýerli we halkara onlaýn platformalar, olaryň howpsuzlygy ýaly meselelerden söz açýar.
15 min
About Salam, Dogan!
From the publisher's feed
Bu gepleşikde aýal-gyzlaryň duş gelýän syýasy-ykdysady, sosial-medeni kynçylyklary baradaky täzelikleri, synlary, söhbetdeşlikleri diňläp bilersiňiz. Gepleşik aýda iki gezek efire berilýär.