Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sany XIX asyr Günbatar žurnalistleriniň hem-de syýahatçylarynyň galdyran ýazgylaryndan ugur alyp, Gökdepe söweşine nazar aýlamaga synanyşýar.
Dünýä Türkmenleriniň bu sany türkmenleriň arasynda rus familiýalaryndan gaçan durmak we türk atlaryna ýykgyn etmek ýaly täze döreýän meýillerden söz açýar.
Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň ýylyň jemlerine bagyşlanýan ýörite sanyny diňlemäge çagyrýarys, hormatly diňleýjiler. Onuň dowamynda dünýä türkmenleriniň durmuşy bilen bagly 2020-nji ýylda bolan esasy wakalara gysgaça synymyzy eşitdirýäris.
Dünýä Türkmenleriniň bu sany türkmen metbugatynyň irki sepgitlerinden söz açýar. Gepleşige Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hallyny çagyrdyk.
Dünýä Türkmenleriniň bu sany türkmen diasporalarynyň daşary ýurtlarda türkmen medeniýetini saklap galmak mümkinçiliklerinden söz açýar. Gepleşigimize Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally gatnaşýar.
Owganystanda ýaramazlaşýan howpsuzlygyň fonunda Dünýä Türkmenleriniň bu sany owgan türkmenleriniň ýüzbe-ýüz bolýan howpsuzlyk aladalaryna gönükdirilýär.
Ýakyn taryhda Sowet Soýuzyna tas 70 ýyl dowam eden tabynlyk türkmen durmuşyna nähili täsir ýetirdi? Sowetleşme türkmeniň ruhy dünýäsine, gözýetimine, ýaşaýyş medeniýetine nähili täsir etdi, onuň maddy durmuşyny nä dereje özgertdi?
15 min
About Salam, Dogan!
From the publisher's feed
Bu gepleşikde aýal-gyzlaryň duş gelýän syýasy-ykdysady, sosial-medeni kynçylyklary baradaky täzelikleri, synlary, söhbetdeşlikleri diňläp bilersiňiz. Gepleşik aýda iki gezek efire berilýär.