Sign up to save your podcastsEmail addressPasswordRegisterOrContinue with GoogleAlready have an account? Log in here.
Azat Ýewropa Radiosy / Azatlyk Radiosy Merkezi we Gündogar Ýewropa, Kawkaz,Merkezi Aziýa,Orsyýet, Orta Gündogar hem Balkan ýurtlara gulluk edýän halkara täzelikler we efire berýän gurama.... more
FAQs about Türkmenistan:How many episodes does Türkmenistan have?The podcast currently has 1,215 episodes available.
November 20, 2025HG: Daşary ýurtlarda okaýan türkmen studentlerine pul geçirmekde täze bökdençlik dörediŞu günki programmamyzda: Ahalda döwlet kärhanasynyň sürüjilerinden ‘saglyga seredilmeýän’ medisina barlagyndan geçmek talap edilýär; Moskwanyň propaganda guralymy? Gyrgyzystanda Russiýa bilen ilteşikli täze telekanal açylýar we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz....more25minPlay
November 20, 2025Diňle: Daşary ýurtlarda okaýan türkmen studentlerine pul geçirmekde täze bökdençlik döredi...more5minPlay
November 20, 2025Diňle: Ahalda döwlet kärhanasynyň sürüjilerinden ‘saglyga seredilmeýän’ medisina barlagyndan geçmek talap edilýärŞu günler Ahal welaýatyndaky döwlet awtoulag kärhanasynyň sürüjileriniň ählisinden hökmany saglyk barlaglaryndan geçmek talap edilýär. Sürüjileriň ençemesi barlaglarda “aýdyňlygyň we dogruçyllygyň ýene ýokdugyny, para-berimiň we galplygyň höküm sürýändigini” aýdýar....more5minPlay
November 20, 2025Diňle: Lebapda kärendeçilerden pagtanyň gozasyny ýygnap almak işleri batlandyLebap welaýatynyň birnäçe etrabynda daýhan birleşikleriniň wekilleri pagta ýetişdirýän kärendeçi daýhanlardan pagtanyň gozasyny tabşyrmagy talap edip başladylar. Kärendeçileriň ençemesi geçen ýyl häkimiýetleriň bu ýylky gozalary özlerine bermegi wada berendigini aýdyp, nägilelik bildirýär....more5minPlay
November 19, 2025HG: Ankaranyň sudy Alişer Sahatowa halkara goragyny bermekden ýene-de ýüz öwürdiŞu günki programmamyzda: Maryda hususy dükanlardan eti arzan satmak talap edilýär; Russiýanyň Ukraina garşy zarbasynda azyndan 19 adam öldi, Polşa we Rumyniýa howa goranyşyny iş ýagdaýyna geçirdi we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz....more25minPlay
November 19, 2025Diňle: Türkmenistanlylar, Eýrandaky suw krizisiniň arasynda, gezegiň özlerine ýetmeginden aladalanýarGoňşy Eýranda häkimiýetleriň ýurtdaky ýiti suw krizisi barada aç-açan hasabat bermegi, türkmenistanlylaryň, şol sanda ýerli synçylaryň ençemesinde tolgunma döredip, bu krizis şu günler ýurtda özara söhbetdeşliklerde gürrüňi edilýän esasy temalaryň birine öwrüldi....more8minPlay
November 19, 2025Diňle: Ankaranyň sudy Alişer Sahatowa halkara goragyny bermekden ýene-de ýüz öwürdi...more4minPlay
November 18, 2025HG: Hazaryň türkmen kenarynda düwlenleriň ýüzlerçe maslygy tapylýar - çeşmelerŞu günki programmamyzda: Lebaply maýyplar: Lukmanlar mugt berilmeli dermanlar üçin reseptleri ýazmakdan boýun gaçyrýar; Ukraina Fransiýa bilen söweş uçarlary boýunça ylalaşyk baglaşdy, Kreml ABŞ bilen täze sammite umyt baglaýar we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz....more25minPlay
FAQs about Türkmenistan:How many episodes does Türkmenistan have?The podcast currently has 1,215 episodes available.