Sign up to save your podcastsEmail addressPasswordRegisterOrContinue with GoogleAlready have an account? Log in here.
Azat Ýewropa Radiosy / Azatlyk Radiosy Merkezi we Gündogar Ýewropa, Kawkaz,Merkezi Aziýa,Orsyýet, Orta Gündogar hem Balkan ýurtlara gulluk edýän halkara täzelikler we efire berýän gurama.... more
FAQs about Türkmenistan:How many episodes does Türkmenistan have?The podcast currently has 1,215 episodes available.
September 09, 2025Diňle: Giň ýaýran işsizlik türkmenleriň maşgala gurmagyny kynlaşdyrýar...more7minPlay
September 09, 2025Diňle: Balkanda býujetçilerden goşar sagatlary, döşe dakylýan nyşanlary we ýerli egin-eşikleri satyn almak talap edilýärBalkan welaýatynda tas ähli edara-kärhanalaryň işgärlerinden ýüzünde prezident Serdar Berdimuhamedowyň suraty bolan goşar sagatlary, döşe dakylýan baýdak ýa-da prezidentiň kelle suraty şekilindäki nyşanlary we Türkmenistanda öndürilen kostýum-jalbarlary satyn almak talap edilýär....more5minPlay
September 08, 2025HG: Harby gulluga öz wagtynda barmadyklara ‘berk jeza çäreleriniň görüljekdigi’ duýdurylýarŞu günki programmamyzda: Balkanda un gytçylygynyň MHM 'baglanyşygy' derňelýär - çeşmeler; Polşanyň prokurorlary aktiwist Aýsoltan Nyýazowany azatlyga goýberdi we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz....more25minPlay
September 08, 2025Diňle: Ýol howpsuzlygynyň biraýlygy käbir sürüjileri ulag sürmekden saklaýarTürkmenistanda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk dowam edýän mahaly, Türkmenabat şäheriniň köçelerinde PÝGG-niň işgärleriniň sany göz-görtele artdy. Munuň bilen bir wagtda, olaryň sürüjilere jerime ýazmagy ýa-da olardan “para almagy” bilen bagly wakalar hem köpeldi....more5minPlay
September 08, 2025Diňle: Harby gulluga öz wagtynda barmadyklara ‘berk jeza çäreleriniň görüljekdigi’ duýdurylýarAşgabatda harby häkimiýetler erkek raýatlary harby gulluga çagyrmak çärelerini batlandyrýarlar we munuň bilen bagly düzgünleri berkleşdirýärler. Şu günler resmiler gulluga çagyryş hatlary gowşurylýan raýatlara wagtynda harby bölüme gelmediklere “berk jeza çäreleriniň görüljekdigini” duýdurýarlar....more5minPlay
September 08, 2025Diňle: Polşanyň prokurorlary aktiwist Aýsoltan Nyýazowany azatlyga goýberdi8-nji sentýabrda Pussy Riot toparynyň aktiwisti Aýsoltan Nyýazowa Polşanyň Suwalki şäheriniň prokuraturasy tarapyndan tussaglykdan boşadyldy. Mundan öň, 6-njy sentýabrda giçlik Nyýazowa Polşanyň Litwa bilen serhediniň golaýynda, Interpolyň Türkmenistandan gelen haýyşynyň esasynda saklanypdy....more4minPlay
September 05, 2025HG: Alişer Sahatowyň aýaly türk häkimiýetleriniň adamsynyň soňky ykbaly barada resminama bermeýändigini aýdýarŞu günki programmamyzda: Arkadag şäherindäki köp gatly jaýlaryň ýokarky gatlaryna gündizlerine suw çykmaýar – ýaşaýjylar; Tramp rus nebiti babatynda Ýewropa basyş edýär, koalisiýa Ukraina ýerleşdiriljek 'Kepil güýçler' boýunça netijä geljek bolýar we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz....more25minPlay
September 05, 2025Diňle: Arkadag şäherindäki köp gatly jaýlaryň ýokarky gatlaryna gündizlerine suw çykmaýar – ýaşaýjylarArkadag şäherinde käbir köp gatly jaýlaryň ýokarky gatlarynyň birnäçe ýaşaýjysy gündizlerine öz kwartiralaryna hojalyk suwlarynyň çykmaýandygyny aýdýarlar diýip, Azatlyk Radiosynyň ýagdaýdan habarly çeşmeleri gürrüň berýär....more6minPlay
September 04, 2025HG: Balkanda mejbury pagta ýygymynyň gerimi "ozal görlüp-eşidilmedik derejä" ýetdiŞu günki programmamyzda: Mekdeplerdäki 'döwlet dilgeçiligi' ösýär, bilim derejesi 'yza tesýär'; Gündogar sebitde salgyt gullugynyň işgärleri 'barlag bahanasy bilen para soraýar' – telekeçiler we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz....more25minPlay
FAQs about Türkmenistan:How many episodes does Türkmenistan have?The podcast currently has 1,215 episodes available.