Sign up to save your podcastsEmail addressPasswordRegisterOrContinue with GoogleAlready have an account? Log in here.
Azat Ýewropa Radiosy / Azatlyk Radiosy Merkezi we Gündogar Ýewropa, Kawkaz,Merkezi Aziýa,Orsyýet, Orta Gündogar hem Balkan ýurtlara gulluk edýän halkara täzelikler we efire berýän gurama.... more
FAQs about Türkmenistan:How many episodes does Türkmenistan have?The podcast currently has 1,215 episodes available.
September 02, 2025Diňle: Ýol howpsuzlygynyň biraýlygy Balkanda ýol hadysasy bilen başlandy, iki çaga ýaralandyTürkmenistanda köçe ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanýan biraýlyk başlanýan mahaly, ýurduň günbatar welaýatynda kiçi ýaşly iki mekdep okuwçysynyň agyr şikeslenmegine getiren ýol hadysasy boldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär....more5minPlay
September 02, 2025Diňle: Ahalda “ýakymsyz ysly we ajymtyk tagamly” üwelen et arzan bahadan satuwa çykaryldyAhal welaýatynyň döwlete degişli et dükanlarynda we olaryň bazarlardaky nokatlarynda adatdakysyndan iki esse arzan bahalanýan üwelen et peýda boldy. Bu waka, ilatyň ýurtda etiň bahasynyň gymmatdygy barada sosial ulgamlarda wideo maglumatlary ýygy-ýygydan paýlaşýan mahalyna gabat geldi....more6minPlay
September 01, 2025HG: 'Arkadag Awazadan gaýdan badyna', Türkmenbaşyda ilatyň tok we suw üpjünçiligi ýaramazlaşdyŞu günki programmamyzda: Hökümetiň gaýtalaýan 'ösüş sanlary' adamlaryň gaharyny getirýär; Täze okuw ýyly mekdeplerde güýçlendirilen howpsuzlyk, okuwçylardan pul ýygnamak çäreleri bilen başlandy we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz....more25minPlay
September 01, 2025Diňle: 'Arkadag Awazadan gaýdan badyna', Türkmenbaşyda ilatyň tok we suw üpjünçiligi ýaramazlaşdyAwaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara çäreleriň yz ýany, kenar ýaka Türkmenbaşy şäherinde elektrik energiýasynyň hem-de agyz suw üpjünçiliginiň ýagdaýy ýene-de ýaramazlaşyp başlady. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 1-nji sentýabrda sebitden maglumat berdi....more5minPlay
September 01, 2025Diňle: Gullukdaky iýmit ýeter-ýetmezçiligi esgerleriň otlap ýören mallary “ogurlamagyna getirýär”Türkmenistanyň Owganystan bilen serhetýaka zolaklarynda çagyryş boýunça harby gullugyny berjaý edýän esgerleriň otlap ýören mallary ogurlamagy bilen bagly wakalar göz-görtele köpelýär. Bu ýagdaýlar barada öňki esgerler we harby çeşme Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdiler....more5minPlay
September 01, 2025Diňle: Türkmen ministrleriniň tekrarlaýan ýokary ösüş sanlary halky 'gazaba çykarýar'...more7minPlay
September 01, 2025Diňle: Täze okuw ýyly mekdeplerde güýçlendirilen howpsuzlyk, okuwçylardan pul ýygnamak çäreleri bilen başlandy2025-2026-njy täze okuw ýylynyň başlanmagynyň öň ýanynda, Ahal welaýatynyň orta mekdepleriniň töwereginde howpsuzlyk güýçlendirildi. Şeýle-de, täze okuw ýyly okuwçylardan ýene pul ýygnamak çäresi bilen başlandy....more6minPlay
August 31, 2025DT: 'Men ýol ýazgylarymda özge ýurtlar bilen türkmen dünýäsiniň arasynda baglanyşyk gözledim' – ýazyjyBiz geçen gepleşigimizde Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hallynyň golaýda çapdan çykan täze edebi eserleri barada ýazyjynyň özi bilen söhbetdeşlik geçirdi. Nobatdaky programmamyzda şol gürrüňdeşligiň ikinji bölümi diňleýjileriň dykgatyna ýetirilýär....more15minPlay
August 29, 2025HG: Umra gitjek bolýan türkmenistanlylar ýurtdan çykmak we puluny yzyna almak kynçylygyny çekýärŞu günki programmamyzda: Möwç alýan protest meýilleri türkmen režimi üçin-de, oppozision toparlar üçin-de uly signal – ýerli synçy; Ukraina agyr rus zarbasynyň pidalarynyň ýasyny tutýar we beýleki maglumatlarymyzy diňläp bilersiňiz....more25minPlay
August 29, 2025Diňle: Möwç alýan protest meýilleri türkmen režimi üçin-de, oppozision toparlar üçin-de uly signal – ýerli synçyHalk arasynda, hususan-da, soňky aýlarda barha möwç alyp dowam edýän protest meýilleri häkimiýet başyndaky režim üçin-de, daşary ýurtlardaky syýasy oppozisiýa üçin-de uly yşarat berýär diýip, aşgabatly synçy aýdýar....more11minPlay
FAQs about Türkmenistan:How many episodes does Türkmenistan have?The podcast currently has 1,215 episodes available.